JEMGYÝET

Demir ýol gatnawlarynda hoş habar: synag gatnawlary ýola goýulýar

Ýurdumyzyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi internet sahypasynda otly gatnawlarynyň mart aýyndaky ýagdaýy barada beýanat çap edildi. Bu beýanatda hususan-da şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar!

2021-nji ýylyň mart aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de 1 gezek hepdäniň çarşenbe (3-nji) güni Aşgabat–Türkmenabat we hepdäniň penşenbe (4-nji) güni Türkmenabat–Aşgabat ugurlary boýunça demir ýol gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylandygy barada habar berýäris.

Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça ýolagçy biletleri häzirki wagtda diňe bilet satyş kassalarynda resmileşdirilýär.

Mundan ozal, şeýle hoş habar “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan berlipdi. Onda synag gatnawlary Aşgabat–Daşoguz we Daşoguz–Aşgabat ugurlary boýunça ýola goýulmagy barada beýanat berlipdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli uzaldylypdy.

 

Şäherara gatnawlarda hoş habar: Gatnawlar synag hökmünde başlaýar

“Türkmenhowaýollary”: halkara uçar gatnawlarynda täze möhlet

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi