Delegatlat Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işinde möhüm rol oýnaýarlar. Olar döwletleriň ylalaşygyny gazanmaklyk we döwrümiziň global meselelerini çözmegiň ýollaryny gözlemeklik bilen meşgullanýarlar. Köp taraply diplomatiýanyň üsti bilen delegatlar guramanyň ýörelgeleriniň ösmegine goşant goşýarlar. Delegatlar BMG-a agza ýurtlaryň wekilleri hasaplanylýar. Olar öz ýurtlarynyň bähbitlerini öňe sürmek we şonuň esasynda birnäçe ylalaşyklary gazanmak bilen baglanyşykly iş alyp barýarlar. Baş Assambleýanyň, Howpsuzlyk Geňeşiniň we BMG-niň beýleki esasy guramalarynyň mejlislerine gatnaşmak olaryň esasy wezipesi. BMG köptaraplaýyn diplomatiýany durmuşa geçirmekde delegatlaryň roluna düşünip, 25-nji apreli Halkara delegatlar güni diýip yglan etdi. Ilkinji gezek bu halkara güni 2020-nji ýylda bellenildi. Bu ýyl bolsa ol ikinji gezek belleniler. Kararda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleriniň guramanyň esasy maksatlaryna ýetmekde, esasanam halkara derejesinde goldaw bermekdäki ähmiýeti nygtalýar. Olar parahatçylyk, howpsuzlyk, ähli halklaryň ykdysady-jemgyýetçilik ösüşini öňe sürmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan adam hukuklaryna, azatlyklara hormat goýmak we ösdürmek, şeýle-de täsirli köptaraplaýyn diplomatiýany ösdürmek üçin halkara mehanizmleri ulanmaklygy başarmalydyrlar.
Esasy maglumatlara salgylansak, geçen 2020-nji ýylda BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy giňden bellenip geçildi. Onuň San-Fransiskoda geçen maslahatyna 193 döwletden 850 delegat we olaryň geňeşçileri, wekiliýet işgärleri gatnaşdy. Maslahatyň sekretariaty, konferensiýa gatnaşýanlaryň umumy sany 3500-e ýetdi. Mundan başga-da, metbugat, radio we habar beriş serişdeleriniň 2500-den gowrak wekili, şeýle hem dürli jemgyýetçilik birleşmeleriň we guramalaryň synçylary bardy. Umuman aýdanyňda, San-Fransisko konferensiýasy diňe bir taryhda iň möhümleriň biri bolman, eýsem şu wagta çenli bolup geçen iň uly halkara ýygnanyşygy boldy. San-Fransisko şäherinde ýygnanan hökümetleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Baş Assambleýa 25-nji apreli Halkara delegatlar güni yglan etdi.
Malika EREŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.