BILIM

Dekabr aýynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde dekabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilen halkara olimpiadalary barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 5-7-nji dekabr aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça açyk halkara olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Geçiriljek halkara ders olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen birlikde Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly ýurtlaryň ýokayr okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, noýabr aýynda hem talyplaryň arasynda birnäçe halkara ders olimpiadasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 14-17-nji noýabrda himiýa boýunça Halkara talyplar internet olimpiadasy guraldy we türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna badalga berildi

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti – döwrebap bilim ojagy

Türkmenistan – Türkiýe: bilim ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanda dalaşgärler üçin «MenTalyp» mobil goşundy döredildi

Wengriýa her ýyl Özbegistanyň raýatlary üçin 200-e çenli talyp hakyny bölüp berer

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy kitap sergisini gurnaýar