BIZNES

«Daýhanbank»: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

«Talyp karzy» ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşde berilýär.

Karzyň möçberi 42 000 manada çenli bolup, ýyllyk 5 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýär.

Karzyň üpjünçiligi hökmünde: 10 000 manada çenli iki raýatyň zamunlygy, 10 000 manatdan ýokary möçbere bolsa girew emlägi kabul edilýär.

Hormatly talyplar we ene-atalar, «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriň ýüztutmalarynyň we degişli resminamalarynyň bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edilýändigini ýatladýarys.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäheri — 38-03-79, 38-02-86, 24-44-55, 24-52-85.

Ahal welaýat şahamçasy — (8-00-137) 3-34-39.

Balkan welaýat şahamçasy — (8-00-246) 5-21-51.

Daşoguz welaýat şahamçasy — (8-00-322) 9-35-07.

Lebap welaýat şahamçasy — (8-00-422) 9-13-48.

Mary welaýat şahamçasy — (8-00-522) 6-76-40.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler