BIZNES

“Dawos” forumy – 50-nji ýubileýi

21-24-nji ýanwar aralygynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde Bütindünýä ykdysady forumy geçiriler. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşýan bu forumy 2020-nji ýylda 50-nji ýubileýini belleýär.

Iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň, alymlaryň hem-de raýat jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu forum 50-nji gezek geçirilýär.

«Dawos» forumy barada gysgaça

Dawos – Şweýsariýanyň dag lyŽa şypahana merkezi bolup, her ýyl bu ýerde Bütindünýä ykdysady forumy geçirilýär. Bu forum 1971-nji ýylda nemes ykdysadyýetçisi Klaus Şwab tarapyndan döredildi.  Ol ilkinji ýyllarda Ýewropanyň kompaniýalarydyr kärhanalaryna korporatiw çözgütler kabul etmegi üçin kömek etmek maksady bilen geçirilipdi. Soňlugy bilen bu forumda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň gerimi has-da giňedi. 1987-nji ýylda Bütindünýä ykdysady forum diýen adyny aldy we 2015-nji ýylda halkara gurama hökmünde ykrar edildi.

Şu ýyl 4 gün dowam edýän forumda 600-e golaý gatnaşyjy çykyş eder. Esasan hem ykdysady meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan bu forum üstümizdäki ýylda durnukly ösüşe bagyşlanar. “Durnukly we jebis dünýä üçin gyzyklanýan taraplar” şygary astynda geçiriljek forumda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda hem pikir alyşmalar geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 8,34 milliard dollara deň boldy

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler