SPORT

Dawid Silwanyň heýkeli gurlar

“Mançester Siti” “Etihad” stadionynda ispan oýunçysy Dawid Silwanyň heýkeli üçin meýilnamalary yglan etdi.  Oýunçynyň heýkeli stadionyň daşynda guruljakdygyny stadionyň Prezidenti tarapyndan aýdyldy. Heýkel 2021-nji ýylda açylar.

2010-njy ýylda “Walensiýadan” “Mançester Siti” toparyna tansfer edilen 34 ýaşly ýarymgoragçy toparda 436 gezek çykyş etip, 14 baýraga mynasyp boldy. Ol 309 oýunyny “Premier Liga” üçin oýnap, 60 gol salmagy başardy. Mundan başga-da Silwa “Mançester Siti” topary bilen “Premier Liganyň” 4 gezek çempiony bolmagy başardy (2012, 2014, 2018, 2019).

Silwa 2010-njy ýylda Dünýä çempionatynda we 2008 we 2012-nji ýyllarda Ýewropa çempionatynda ýeňiji bolmak miýesser etdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler