BILIM

Talyp-2022:Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebi

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebi      2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býujet esasynda:

1. Türkmen milli saz gurallary.
2. Kirişli saz gurallary.
3. Üflenip we kakylyp çalynýan sazgurallary.
4. Sazyň taryhy we nazaryýeti.
5. Hor dirižýorlygy.
6. Horeografiýa sungaty.

II. Tölegli esasda:
1. Halk saz gurallary.
2. Aýdym aýtmak sungaty (wokal).
3. Bagşyçylyk sungaty.
4. Saz mugallymçylygy.
5. Fortepiano.
6. Nakgaşçylyk.

Ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­ne Türk­me­nis­tanyň umu­my or­ta bi­lim­den pes bolmadyk
binýatda bilimi bolan, ýa­şy 35-den geç­medik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri
bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.Ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­niň horeografiýa sungaty (halk tansy) hü­nä­ri­ne Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­dep-in­ter­na­ty­ny, ýur­du­myzyň ça­ga­lar sun­gat mek­dep­le­ri­ni ta­mamlan, şeý­le-de dö­re­di­ji­lik we tans to­par­laryn­da tans­çy bo­lup azyn­dan 1 ýyl iş­län
og­lan-gyz­lar ka­bul edil­ýär. Ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­niň aýdym
aýtmak sungaty (wokal) hü­nä­ri­ne 18 ýa­şy­ny dol­du­ran, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adynda­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­dep-in­terna­ty­ny, ýur­du­my­zyň ça­ga­lar sun­gat mekdep­le­ri­ni ta­mam­lan og­lan-gyz­lar ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlary Da­şo­guz şä­herin­de 2022-nji ýy­lyň 11 — 24-nji iýu­ly araly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň adyna ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma(an­ke­ta);

— bi­limi ba­ra­daky res­mi­na­ma­ (asyl nus­ga­sy);

— saz­çy­lyk ýa-da çe­per­çi­lik bi­li­mi bara­da res­mi­na­ma­(asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­siniň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw dersleri boýunça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňiji­le­ri, hal­ka­ra bäs­le­şik­le­re gat­na­şan Türkme­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry, taý­ýar­ly­gyň dö­re­di­ji­lik ugur­la­ry (hü­när­leri) bo­ýun­ça bi­lim eda­ra­la­ry­na gir­ýän mil­li we hal­ka­ra dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýeňi­ji­le­ri şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li   res­mi­na­ma­nyň      asyl     nus­ga­sy­ny tab­şyrýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len resmi­na­ma­lar bilen bir­lik­de, res­mi­na­ma­lary ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýa­zylyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri boýun­ça harby we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

— 2 sa­ny ga­lam­da, 2 sa­ny reňk­de, 2 sa­ny eser (kom­po­zi­si­ýa) iş­le­ri­ni (nak­gaşçy­lyk hü­nä­ri­ne oku­wa gir­ýän­ler üçin).

Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) okuwa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kukdan peý­da­lan ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler. Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2022-nji ýy­lyň iýul aýy­nyň 27-si,
29-y we 31-i gün­le­rin­de Da­şo­gu­zyň Magtym­gu­ly Gar­ly­ýew adyn­da­ky Ýö­ri­te sun­gat      mek­de­bin­de (Da­şo­guz şäheri) ge­çi­ril­ýär.

Giriş synaglary aşak­da­ky ders­ler boýun­ça ge­çi­ril­ýär:
— hü­nä­ri: sazyň taryhy we nazaryýeti — hü­nä­ri bo­ýun­ça, for­te­pia­no we saz ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

— hü­när: horeografiýa sungaty hü­nä­ri bo­ýun­ça iki tap­gyr­da, Türk­me­nista­nyň ta­ry­hy;

— hü­när: nakgaşçylyk — ga­lam­da su­rat çek­mek, eser dö­ret­mek (kom­po­zisi­ýa), Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

— beý­le­ki hü­när­ler — hü­nä­ri bo­ýun­ça,sol­fe­jio we sa­zyň na­za­ry­ýe­ti, Türk­me­nista­nyň ta­ry­hy.

Giriş synaglary sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türk­menistanyň taryhy dersi boýunça bolsa Türkmenis­tanyň orta mek­dep­le­riniň okuw maksat­namalarynyň esasynda geçirilýär. Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy der­si bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den geçi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä
ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri boýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Daşoguz ş., Magtymguly şaýoly, 28a, tel.: 7-49-65.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler