JEMGYÝET

Daşoguzda «Türkmeniň ak öýi» gurulýar

Daşoguz welaýat merkeziniň günorta künjeginde gurulýan üç müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy hem-de şonça orunlyk sadaka jaýynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Onuň gurluşyk işlerini «Röwşen» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp barýarlar. Umumy meýdany 10,85 gektara barabar bolan bu toplum milli binagärligiň däplerini, häzirki zaman şäher gurluşygynyň täzeçil usullaryny özünde jemleýär. Häzirki wagtda bu ýerde 1300-den gowrak adam üç çalşykda işleýär, dürli kysymly tehnikalaryň 60-a golaýy sazlaşykly hereket edýär.

Häzirki wagtda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň metal-konstruksiýa işleri gyzgalaňly dowam edýär. Işçileriň uly topary onuň dördünji gatynyň diwarlaryny suwamak, aşaky gatlarynyň diwarlaryny timarlamak işlerini alyp barýarlar. Binanyň içinde elektrik ulgamlar çekilýär, howalandyrmak üçin düzümler, ýangyn howpsuzlyk gidranty, ýyladyş ulgamynyň geçirijileri gurnalýar. Ussat gurluşykçylar tutuş boýy häzirki döwrümiziň ruhunda ak mermere beslenip, witraž aýnalar bilen örtüljek binanyň ýerzemin gatynyň, ýokarky üç gatynyň örtgi işlerini geçirýärler. Işçileriň beýleki bir topary bolsa gatlary birleşdirýän içki basgançaklaryň germewlerini gurnap, olary reňklemäge başladylar. Sadaka jaýynyň gurluşyk işleri hem gowşamaýan depginde dowam edýär. Şu günler onuň üçeginiň fals örtügini gurnamak, diwarlaryny suwamak, timarlamak, daşyna örtüljek witraž aýnalaryň gabsasyny gurnamak işleri geçirilýär.

Toplumyň çäginde başga-da birnäçe hyzmat ediş desgalary bolar. Binanyň ýanynda suw howdanlarynyň 3-si, dabara geçirilýän meýdançalaryň 2-si, awtoulag duralgalarynyň 2-si, dikuçar meýdançasy ýerleşýär.

Daşoguz «Çeper» halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrabyndaky önümhanasynda bu toplum üçin dürli ululykdaky halylaryň 8-si dokalýar. Şol halylaryň ählisiniň boýy 88, ini hem 56 metre barabar bolar. Boldumsaz etrabyndaky önümhananyň halyçysy Jeren Şükürbaýewa täze binalar üçin boýy 6, ini 2 metre barabar bolan, çowdur göli salnan iki sany halyny dokaýar.

 

“Türkmen teatr sungaty” — milli medeniýetiň gymmaty

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi