BIZNES

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, şu ýylyň pagta ýygymyna girişdiler. 31-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu möhüm möwsüme ak pata berip, hormatly ýaşululara pagta ýygymyna «Bismilla» bilen başlap bermekleri baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Şu möwsümde tutuş ýurdumyz boýunça gowaça ekmek üçin 580 müň gektar ýer bölünip berildi. Şol ýerlerde şu ýylyň baharynda pagtanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 120», «Gubadag — 3», «149-F», «Ýolöten — 14» ýaly görnüşleri ekildi.

Kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalar doly taýýar edildi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlarlar. Şunuň bilen birlikde, iş maslahaty geçirilip, onda bu möhüm möwsümi guramaçylykly geçirmek, degişli gulluklaryň işini utgaşykly ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerinde rowaçlyk hem-de ähli türkmen halkynyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg edip, «Harmanyňyza bereket!» diýen sözler bilen pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdiler.

Daşoguz welaýatynyň harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti «ak altyndan» doly, Döwlet baýdagymyzdyr halylar bilen bezelen awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerweni geldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder