JEMGYÝET

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişildi

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertlerine görä, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň, halkymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiziň başynyň dik bolmagyny Beýik Biribardan diläp, gowaçanyň ilkinji dänelerini topraga atdylar, soňra mehanizatorlara gezek berdiler.

Şu ýyl demirgazyk welaýatda gowaça ekiljek ýerler 155 müň gektara deň bolup, şol ýerlerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ekerançylary pagtanyň “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “149 F” ýaly orta süýümli sortlaryny ekýärler.

Ekiş döwründe ýokary öndürijilikli bejergi traktorlarynyň 2 müň 20-den gowragy, şeýle hem ekijileriň 452-si we pagta kultiwatorlarynyň zerur bolan möçberleri işlediler. Welaýatda 132 sany topar döredilip, olar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edildi. Umuman, bularyň hemmesi geljekki hasylyň ygtybarly esasyny tutýan ýer işleriniň bökdençsiz depginini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

S.A.Nyýazow adyndaky etraby ekişiň başlanmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň merkezine öwrüldi, bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de demirgazyk sebitiň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreler Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda hem geçirildi.

 

Jahan Tagyýewa: Medeniýet — kalbymyň sesi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi