JEMGYÝET

Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş toplumy gurulýar

Daşoguz şäheriniň merkezi böleginde ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy başlandy ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazetinde ýazylýar.

Ol Al-Horezmi köçesiniň ugrunda bina edilýär. 6,5 gektar meýdany tutýan bu ýerde 348 öýden ybarat dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 9-sy gurlup, ulanylmaga tabşyrylar. Olarda ýaşajak maşgalalar üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda «Merdana doganlar» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bu toplumyň ýaşaýyş jaýlarynyň binýadyny tutmak işlerini güýçli depginlerde dowam etdirýärler.

Şol bir wagtyň özünde olar çagalara niýetlenen oýun meýdançalarynyň, dynç alyş zolagynyň, ulag duralgasynyň, maşgala dabaralarynyň geçiriljek we sadaka beriljek jaýlaryň, tehniki desgalaryň gurluşyklaryny hem-de daş-töweregini abadanlaşdyrmak çärelerini-de utgaşykly alyp barýarlar.

Soňky ýyllarda welaýat merkezinde gurluşyklar amala aşyrylanda boş ýer böleklerini we hereket edýän inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmaklyga uly üns berilýär. Ýene-de bir aýratyn bellemeli ýagdaý, ol hem şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda ekologiýanyň arassalygyna, döwrebap bezegine we beýleki gurluşyklar bilen utgaşmagyna uly ünsüň berilýändigidir.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri