SIZDEN GELENLER

Daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti

Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.  2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biridir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselelerine degişli halkara forumlar, maslahatlar, tejribe okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm meseleleriniň biri bolan ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmek üçin okuw mekdeplerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaş nesle daşky gurşaw barada üznüksiz nazary we amaly bilim we terbiýe berilýär.

Hormatly Prezidentimiz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere uly ähmiýet berýär hem-de olary  çözmek bilen baglanyşykly giň möçberli işleri amala aşyrýar. Türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşykly alyp gitmek, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmek maksady bilen Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasy rejelenen görnüşde tassyklanyldy. Rejelenen görnüşdäki Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň maksady ähli ileri tutulýan pudaklaryň howanyň üýtgemegine netijeli hem-de sazlaşykly uýgunlaşmagynyň we ýurduň pes-uglerodly ösüşine ýardam edýän howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça netijeli çäreleri işläp taýýarlamagyň üsti bilen Türkmenistanyň ykdysady, azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny hem öz içine alýan durmuş-ykdysady ösüşiniň howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygy we degişli Durnukly ösüş maksatlary boýunça öz borçnamalaryny wagtynda ýerine ýetirmek bolup durýar.

Ýurdumyzyň üsti ýetirilen, maddy-üpjünçilik binýady has-da pugtalandyrylan goraghanalarynda ata Watanymyzyň gözel tebigatyny gorap saklap, geljekki nesillere aýawly ýetirmek ugrunda ne tijeli gorag-dikeldiş, ylmy-barlag, usulyýet-ündew işleriniň sazlaşykly alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Çünki Türkmenistanyň özboluşly tebigaty, dürli landşaftlary we ekoulgamlary köp görnüşlidir hem-de diýseň ajaýypdyr. Güneşli Diýarymyzyň çäginde belent daglardyr, ümmülmez sähralar, sebitde iň iri derýalardyr köller, toraňňy, sazak, unaby, pisse we arça tokaýlarydyr süm me jeňňellikler, dag çeşmeleridir şaglawukalary, täsin dag gowaklarydyr Hazar deňzi ýaly ajaýyp tebigy zolaklar, gözel mesgenler ýerleşýär. Diýmek, geljekki nesil şeýle ajaýyplygy öz gözleri bilen görüp, ruhy lezzet almaklyga haklydyr.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda giňden ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreleriň netijesinde oba-kentlerimiz gür baglyga we gülzarlyga bürenýär. Üstümizdäki ýylyň 21-nji martynda geçirilen ýazky bag ekişligi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini aýdyň görkezdi. Çünki tutuş ýurdumyz boýunça millionlarça düýp miweli, saýaly we pürli agaçlaryň, bezeg gülleriň we beýleki ösümlikleriň nahallary guramaçylykly ekildi. Agaç nahallaryny ekmäge ylmy nukdaýnazardan çemeleşilip, ýurdumyzyň sebitleriniň toprak we howa şertleriniň göz öňünde tutulýandygy bellärliklidir. Şeýle asylly çäreler bolsa daşky gurşawyň sagdynlaşmagyna we abadanlaşmagyna, ahyrky netijede hem ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Çünki daşky gurşawyň abadançylygy dünýäniň abatlygydyr.

Garaşsyz diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda çig mallary tygşytlaýjy, galyndysyz we azgalyndyly innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda “Ýaşyl” ykdysadyýete gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy ilatyň maddy ýagdaýlaryny ýokarlandyrmaga hem-de daşky gurşawa oňaýsyz täsirleriň töwekgelçiligini azaltmaga ýardam edýär.           

Rejepnur Çaryýew,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/geljegi-nazarlayan-osus-maksatnamasy/

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty