BIZNES

Daşkentdäki halkara maýa goýum forumy: 26,6 milliardlyk şertnama baglaşyldy

III Halkara maýa goýum forumy Özbegistandaky işini üstünlikli tamamlady. Bu çäre 93 ýurtdan 2,5 müňden gowrak wekiliýet gatnaşdy.

Forum halkara habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi we dünýäniň öňdebaryjy metbugaty: “CNN”, “Euronews”, “London Post” we “Associated Press” ýaly 30 ýurtdan 110-dan gowrak daşary ýurt neşiri tarapyndan habarlar çap edildi.

Halkara forumyň jemleri boýunça 26,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşyldy, bu Özbegistanyň maýa goýumlarynyň özüne çekijiligini we forumyň üstünliklerini görkezýär.

Deňeşdirmek üçin 2022-nji ýylda halkara forumda 11 milliard dollarlyk 167 resminama gol çekildi, bu ýurtda maýa goýum gyzyklanmasynyň ep-esli ýokarlanandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder