DÜNÝÄ

Daşary ýurtlaryň Türkmenistana täze bellenen ilçileri bilen duşuşyk

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Mongoliýanyň, Şwesiýanyň we Kubanyň täze bellenen ilçileri bilen duşuşdy.

Şwesiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestad bilen bolan duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp geçdiler. Şunuň bilen birlikde, özara gatnaşyklaryň täze mehanizmini işläp düzmek ýoly bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümligi nygtaldy.

Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýionyň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtap, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny we bilelikdäki işi mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny belläp geçdiler. Şeýle hem söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümligi nygtaldy. Taraplar BMG ýaly halkara guramalarynyň çäklerinde, hususan-da parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlary toparynyň ugry boýunça özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, medeniýet we sport ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmäge we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi