Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň bäş aýynda DIM tarapyndan geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen degişli işler geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki özara saparlar, duşuşyklar we gepleşikler aýratyn orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň saparda bolandyklary bellenildi.
Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIV sammitine, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna, BMG-niň Durnukly ösüş meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.
Bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary döwletleriň Baştutanlarynyň birnäçesi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça yzygiderli maslahatlaşmalar geçirildi. “G5+1” görnüşinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygy hem-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy guraldy.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Ýanwar — maý aýlarynda ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň saparlaryna, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýine, hemişelik Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahatlara we beýleki halkara çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz koronawirus bilen bagly ýagdaý mümkinçilik berse, 12-nji dekabrda geçiriljek ähli baýramçylyk çärelerine gatnaşar ýaly, diplomatlarymyzy çagyrmak meselesine hem garamagy tabşyryp, baýramçylykdan soň, olar bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şol duşuşykda daşary syýasatymyzda ýakyn döwürde çözülmeli meseleleriň we öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere hem-de bu toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi.