«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde milli bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýandygyny, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Sanly ulgamy ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň öňdebaryjy usullary we tejribeleri ornaşdyrylýar.
Ine şu nukdaýnazardan, biziň ýokary okuw mekdebimizde, ýagny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Oňa daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenleriň gatnaşmagy bolsa, ýurdumyzda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylýändygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde bilim ulgamynda degişli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Diýarymyzyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi.
Şeýle hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzy dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli nesiller edip ýetişdirmek, giň gözýetimli ýaşlar edip terbiýelemek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde alnyp barylýan netijeli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil ýaşlary taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik adama saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dillerini öwrenmegiň möhümdigini hem-de döwrüň ösüşi bilen deň derejede gitmäge mümkinçilik döredilýändigini kesgitleýär.
Biz beýik ynamyň eýeleri hökmünde ýurdumyzyň şanly ösüşlerine saldamly goşant goşmak ugrunda zehin-yhlasymyzy taplap, okap-öwreneris, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekeris.
Leýli Kakajanowa,