JEMGYÝET

Daşary ýurda gitmek üçin biometriki pasport

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometrik maglumatly pasporty 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi.

Türkmenistanyň raýatynyň pasporty 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin öz güýjüni saklan.

1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurtlarda bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resmi nama bolup durýar.

2. Pasport Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar hem-de dünýäniň ähli döwletlerine gitmek üçin hakykydyr. Pasport türkmen we iňlis dillerinde ýasalýar.

3. Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleri ýa-da konsullyk edaralary berýär.

4. Türkmenistanyň raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutýarlar.

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ýüz tutýarlar. Görkezilen raýatlara pasportlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynda resmileşdirilýär hem-de Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen gowşurylýar. Olar Türkmenistanyň çäginde bolýan döwründe pasporty resmileşdirmek üçin migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutup bilerler.

5. Pasport resmileşdirmek üçin raýatyň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kabul edilýär. Raýatyň pasportyny resmileşdirmek üçin resminamalarynyň kabul edilen güni diýlip onuň elektron suratynyň we biometriki maglumatlarynyň alnan güni hasap edilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasportlar olaryň ata-eneleriniň biriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde arzasy esasynda resmileşdirilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň ýazmaça görnüşinde arzalary kabul edilende we pasportlary berlende olaryň gatnaşmagy hökmandyr.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda 16 ýaşa ýetmedik çagalar, weteranlar, şeýle hem ahli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden ýa-da konsullyk ýygymlardan boşadylýar.

6. Pasport 5 (bäş) ýyla çenli möhlete resmileşdirilýär.

Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline arza berijiniň şahsyýetine güwä geçýän resmi namalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip berilýär.

7. Eger Türkmenistandan gitmek şol gidýän raýatyň saglygynyň gyssagly bejerilmegi ýa bolsa Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellemegi ýa-da aradan çykmagy, ýa beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, pasporty resmileşdirmek baradaky arza üç iş gününden giç bolmadyk möhletde garalýar.

8. Pasportlar şu halatlarda çalşyrylýar:

  • hereket ediş möhleti tamamlananda;
  • şahsy maglumatlary üýtgände;
  • ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;
  • ulanmaga ýaramsyz bolanda;
  • wizalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar tamamlanda;
  • raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä onuň barmak yzlary, ýüz keşbi üýtgände.

Zerur bolan halatlarda pasportlar möhleti tamamlanmazdan öň hem çalşylyp bilner.

9. Pasport şu halatlarda ýatyrylýar:

  • pasport çalşyrylanda;
  • Türkmenistanyň raýatlygy bes edilende;
  • pasportyň eýesi aradan çykanda;

4) tehniki näsazlyk, maglumatlarda nätakyk, raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä barmak yzlarynyň, ýüz keşbiniň üýtgemegi bilen pasporty raýata berip bolmadyk halatynda;

Raýatyň pasporty çalşyrylanda onuň sahypalary deşilip, birinji sahypasyna “Ýatyryldy/Cancelled” möhürçesi basylyp eýesine gaýtarylyp berilýär.

Tapylan pasportlar migrasiýa gullugynyň edaralaryna tabşyrylmaga degişlidir.

Gerekli resminamalaryň sanawy

  1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin  pasportyny almak (çalyşmak) üçin arzasy;
  2. 30mm x 40mm ölçegde bir sany reňkli surat (suratyň arka tarapy ak reňkde);
  3. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we onuň nusgasy (16 ýaşyna ýeten raýatlar üçin);
  4. Dogluş hakynda şahadatnama we onuň nusgasy (raýatyň dogluş hakynda şahadatnamasy hem-de dogluş hakynda nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň  ýokdugy baradaky delilhaty);
  5. Hemişelik ýaşaýan ýeri hakynda 1 aý möhlet bilen delilhaty (Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatlaryndan delilhaty talap edilmeýär);
  6. Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatlarynyň  daşary ýurt döwletinde ýaşaýandygyny tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
  7. Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama we onuň nusgasy (raýatyň nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamasy hem-de nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakyndaky nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň ýokdugy baradaky delilhaty);
  8. Harby bilet  we onuň nusgasy ýa-da harby gulluga degişliligi barada harby wekillikden  kepilnama (harby gullukçylar üçin gulluk şahsyýetnamasy);
  9. Harby gullukçylar üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň rugsat haty  (hereket edýän möhleti 6  aý);
  10. Türkmenistanyň  raýatynyň  Türkmenistandan  gitmek we Türkmenistana gelmek üçin  pasportyny almak  (çalyşmak) üçin döwlet pajynyň töleg kagyzy ýa-da pasport almak (çalyşmak) üçin döwlet pajyny  tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama;
  11. 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-eneleriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportlary we olaryň nusgalary;
  12.  16 ýaşyna ýetmedik çagalara Türkmenistanyň  raýatynyň  Türkmenistandan  gitmek we Türkmenistana gelmek üçin  pasporty resmileşdirilende, aýratyn halatlarda, aşakdaky resminamalar talap edilip bilner:

Çaganyň atasy hakyndaky maglumatlar çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynda çaganyň enesiniň arzasy esasynda görkezilen halatynda, RÝNÝ edaralary ýa-da daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen  27-nji görnüşdäki  kepilnama;

Çaganyň  ata-enesiniň ikisi  ýa-da olaryň  biri  aradan  çykan halatynda, aradan çykan ata-enäniň ölüm hakynda şahadatnamasy we ata-enesiniň  biriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny almak baradaky 1-nji görnüşindäki arzasynyň nusgasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri nam-nyşansyz gidendigi diýlip yglan edilen  halatynda, şahsyň  nam- nyşansyz gidendigini tassyklaýan resminama;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri  ata-enelik hukugyndan mahrum edilen halatynda,   ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň   ata-enelik hukugyndan mahrum edilendigi barada resminama;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri  raýatlygy bolmadyk adam bolan halatynda,  çaganyň  ata-enesiniň  biriniň  raýatlygy  bolmadyk  adamyň  şahsyýetnamasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň  biri tussag edilen halatynda, tussag edilendigini  tassyklaýan  resminama we  pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;

Çaganyň  ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri  Türkmenistanyň çäklerinden hemişelik ýaşamak üçin daşary ýurt döwletine  giden halatynda, pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;

Çaganyň   ata-enesiniň  nikasy  bozulan  halatynda,  Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan  ata-enesiniň  biriniň Türkmenistanyň raýatynyň  pasporty  we ata-enesiniň   beýlekisiniň  pasportynyň   nusgasy.

13. 16-ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň beýleki daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň)  pasporty (pasportlary) ýa-da onuň nusgasy (nusgalary), şol resminamalar bar  bolan halatynda;

14. Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň wekilliginiň hukugyny (kanunylygyny)  tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;

15. Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň pasporty we onuň nusgasy;

16. Şahsy maglumatlaryny üýtgeden raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;

17. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty ýitirilen ýa-da ogurlanan halatynda:

Türkmenistanyň çäklerinde: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan berlen kepilnama;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen kepilnama, şeýle hem  daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk  edaralary  tarapyndan  berlen  ýurduna  dolanyp barmak üçin şahadatnama  ýa-da onuň nusgasy;

18. Pasport almak üçin ýüz tutýan adamyň barmak yzynyň (yzlarynyň) alynmagyna, şeýle hem onuň goluny çekmäge päsgel berýän ýagdaýlaryň bardygyny güwä geçýän degişli  resminama  ýa-da  lukmançylyk delilhatlary;

19. Daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) raýatynyň pasporty (pasportlary) ýa-da onuň (olaryň) ornuny tutýan resminamasy we onuň nusgasy, şol resminamalar bar bolan halatynda;

20. Zerur  halatlarda  beýleki  resminamalar  hem talap edilip bilner.

Bellik:  Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyna laýyklykda arzaçy tarapyndan haýsydyr bir resminama berilmäge mümkinçilik bolmadyk halatynda  onuň arzasy we oňa goşulan beýleki resminamalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň  rugsady boýunça  kabul edilip bilner.

 

 

 

Source : www.migration.gov.tm

 

Türkmenistana iberjek resminamalaryňyz boýunça terjime hyzmaty

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

 

Degişli Habar

Raýatlaryň Türkmenistandan gitmegi we Türkmenistana gelmegi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIwNA==

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar