MEDENIÝET

“Daragt” filmi Belarusdaky halkara kinofestiwalda baýraga mynasyp boldy

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 17-24-nji noýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň iň uly kino forumy – «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň uly göwrümli «Daragt» filmi festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkezildi.

Ine, şu gün bolsa, halkara kinofestiwalynyň ýapylyş hem-de onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol dabarada Türkmenistana wekilçilik eden “Daragt” filmi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň “Serhetsiz kino” atly nominasiýasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy.

Halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek hem-de medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky ýörite baýraklary GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow gowşurdy.

«Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwalynyň ýapylyş dabarasynda çykyş eden Leonid Anfimow kinofestiwala hödürlenen filmleriň kino forumyň “Geljegi gurýarys” şygaryny doly açyp görkezýändigini belledi.

Şeýle hem ol GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň öňünde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň hödürlän filmlerinden iň gowularyny saýlap almak ýaly ýeňil bolmadyk wezipäniň goýlandygyny belläp, iki sany gowy kino işini saýlap alandyklaryny belledi.

Anfimowyň belleýşi ýaly, “Daragt” çeper filmi söýgi, wepalylyk, umyt we umumy taryhymyz hakda hekaýalary özünde jemleýär.

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary bu filmiň islendik adam üçin möhüm bolan ahlak gymmatlyklary özünde jemleýändigini belläp, onuň “Serhetsiz kino” baýragyna mynasypdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly bir hepdäniň dowamynda Belarusyň dürli şäherlerinde geçirildi. Oňa üstümizdäki ýylda 107 döwletden 2087 sany çeper film hödürlendi.

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» filmi türkmen maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berýär. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe adamsyny urşa ugradan baş gahryman Näzik ondan bäri ençe ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşýar.

Film geçen ýyllaryň edebini we şaýatlaryň gürrüňlerinden ýazylyp alnyp ýygnalan hakykatdan bolan wakalary öz içine alýar.

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy