MEDENIÝET

«Daragt» atly türkmen kinosy Täjigistandaky halkara kinofestiwalyna gatnaşýar

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly filmi Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän kinofestiwalynyň bäsleşik maksatnamasyna girizildi. “Toji somon” 2-nji halkara kinofestiwaly 15-nji oktýabrda badalga aldy we 20-njy oktýabra çenli dowam eder.

2 ýylda bir gezek geçirilýän bu kinofestiwal dünýäniň 20 döwletinden režissýorlary, aktýorlary, filmleriň edebi esasyny ýazyjylary, kino tankytçylaryny we kino sungatyna hormat goýýanlary bir ýere jemledi. Ýewropadan, Aziýadan we Ýakyn Gündogardan gelen myhmanlar onda öz işlerini görkezýärler.

 

Bu festiwalyň bäsleşik maksatnamasyna hödürlenen 900-den gowrak çeper filmiň arasyndan 16 film saýlanyp alnypdyrlar. Şolaryň hatarynda Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly filmi hem bar.

Festiwalyň emin agzalarynyň dünýäniň köp sanly ýurdundan, hususan-da, Russiýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýleki döwletlerden bolup, olar bäsleşige hödürlenen filmlere baha bererler.

Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly filmi “Nowruz” kinoteatrynda sungat jemgyýetçiligine ýetirildi.

Şeýle hem Maksat Gylyjowyň surata düşüren “Kompozitor” atly çeper filmi bäsleşikden daşary bu festiwala gatnaşyp, täjik hem-de daşary ýurtly kino muşdaklaryna görkezildi.

Mundan ozal «Daragt» atly türkmen filmi dünýäniň köp sanly ýurdundaky halkara festiwallara gatnaşypdy we birnäçe  baýraklara mynasyp bolupdy.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri