DÜNÝÄ

Dag howasy satylýar

Ýalňyş okamadyňyz. Alp daglarynyň çür depesindäki howadan öýkeniňi doldurmak üçin indi daga dyrmaşyp ýörmek gerek däl. Diňe Şweýsariýanyň «Swiss Alpine Air» kompaniýasyna internet arkaly ýüz tutaýmaly. Alp daglarynyň howasy öýňüze çenli geler.

«Her ýyl syýahatçylar ajaýyp dag tebigatyndan lezzet we dag howasyndan dem almak üçin Şweýsariýadaky Alplara gelýärler» diýip, kompaniýanyň resmi saýtynda ýazylýar. «Biz dag çeşmelerinden alynýan suwy, şokolady (Alpen Gold) eksport edýäris. Mundan beýläk dag howasyny näme üçin eksport etmeli däl? Bu ― dünýedäki iň zerur howa».

Saýtdan Alp daglarynyň howasynyň 7 litri gaplanan gaby ― balony satyn almak mümkin. Bu mukdar ortaça 120 gezek dem almaga ýetýär. Bir gap howanyň bahasy bolsa 21 dollara barabar.

Howanyň satylmagy taryhda ilkinji tejribe däl. 2015-nji ýylda Kanadanyň «Vitality Air» kompaniýasy Kanada daglarynyň 500 gabyny bary-ýogy 4 sagadyň dowamynda satyp gutardy. Kompaniýa bu biznesi häzire çenli dowam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy