DÜNÝÄ

Dag depesindäki muzeý

Samsun şäheriniň 1100 metrlik oba ýerinde ýerli ýaşaýjy tarapyndan döredilen muzeý bu ýere gelýänleri geçmişe alyp barýar. Nebýan dag ýolunyň ugrunda 1100 metr beýiklikde ýerleşen Kösedik obasynda 2011-nji ýylda döredilen muzeý käbir myhmanlar tarapyndan “Dagyň depesindäki muzeý” hökmünde kesgitlenilýär. Muzeýde taryhy we tebigy zatlar ýerleşdirilen, muzeýdäki 500-den gowrak gurallary we serişdeleri özünde jemleýär.

Kösedik obasynda ýaşaýan Mehmet Kibar Atalar muzeý hakynda şeýle gürrüň berýär: “Men birnäçe ýyl Bursada ýaşadym. Bursada gadymy ýerlere örän köp aýlandym. Soňra öň ýaşan mekanymyz bolan Kösedik obasyna geldim. Bu ýere gelenimde ajaýyp taryhy eserleri özünde jemleýän muzeý näme üçin meniňki bolmasyn diýip öz-özüme sorag berdim. Kakama we atama degişli bolan taryhy miraslary toplamaga başladym. Şeýdip bir muzeý emele geldi. Obanyň ýaşaýjylary-da maňa kömek etdiler. Özlerinde bolan gadymy we ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän serişdeleri muzeýe tabşyrdylar. Şeýlelikde biziň muzeýimiz diýseň baýlaşdy” — diýip, gürrüň berýär.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder