JEMGYÝET

Da Winçiniň syrlary çözlenilýär

Şu günler şekillendiriş sungatynyň wekilleri dürli döwletlerde dünýä belli suratkeş Leonardo da Winçiniň doglan gününiň 500 ýyllygyny belleýär. Elbetde, bu şanly senä dünýä metbugaty hem giňden seslenýär. Ýakynda neşirleriň birinde Leonardo da Winçi bilen bagly gyzykly maglumatlaryň üsti ýene-de 6 maglumat bilen ýetirildi. Olardan habarly bolup goýmak türkmen okyjylary üçin hem artykmaçlyk etmese gerek:

1. Notarius Pýeronuň maşgalasynda doglan Leonardo, aslynda, hukukçy bolmagy arzuw eden eken. Sungat dünýäsiniň bagtyna ol bu matlabyndan ýüz öwrüpdir.

2. Ol eser döredende, iki elinden hem ussatlarça peýdalanyp bilipdir.

3. Da Winçi suratkeşlikden başga-da, gidromehanika, fiziki geografiýa, matematika, himiýa we botanika ýaly ylymlar bilen hem meşgullanypdyr. Aýdyşlaryna görä, asmanyň näme üçin mawy reňkde görünýändiginiň asyl sebäbini hem taryhda ilkinji bolup da Winçi düşündirip bilipdir.

4. XIX asyryň ahyrlarynda peýda bolup başlandygyna garamazdan, awtoulaglaryň ilkinji taslamalary Leonardo da Winçä degişlidir.

5. «Mona Liza» eseri döredilenden soňra, ähli zenanlar Žakonda meňzemäge çalşypdyrlar.

6. Osmanly döwletiniň imperatory Baýezid II üçin suratkeş ini 240 inedördül metr meýdany bolan eseri döredipdir.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

“Makul Sözlük” – “Ýylyň Makul Sözi-2026”: Yhlas