JEMGYÝET

COVID-19 pandemiýasy: Brifingiň esasy mowzugy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýerli we ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň wekilleri hem  ýygnaga gatnaşdy.

Şeýle hem çärä sanly wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hususan-da Belarus Respublikasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary, daşary ýurtlaryň lukmançylyk ugurly ençeme ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Azerbaýjanyň lukmançylyk uniwersitetiniň, Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Tbilisi Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Öňdebaryjy daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem bu brifinge sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Şeýlelik bilen brifinge dünýäniň 20 ýurdundan 60-a golaý wekil gatnaşdy.

Çykyşlaryň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adamlaryň saglygyny gorap saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy aýratyn nygtaldy, bu bolsa häzirki COVID-19 pandemiýasy döwründe aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolup durýandyr.

Abraýly halkara guramalarynyň berýan maslahatlaryna eýermek bilen, ýurdumyz özüniň saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasatynda ähmiýetli üstünlikleri gazandy we öz gezeginde halkara jemgyýetçiligini pandemiýanyň netijeleri ýeňip geçmek babatynda bilelikdäki hereketleriň durmuşa geçirilmegine çagyrýar. Bu ynsanperwer ulgam boýunça özarahereketlere, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň dikeldilmegine, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlarda ulag-üstaşyr ulgamlarynyň hereket etmeginiň üpjün edilmegine degişli bolup durýandyr.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň takyk hem-de sazlaşykly syýasatynyň netijesinde ýurda koronawirusynyň täze görnüşi bolan COVID-19 tarapyndan ýüze çykarylýan keselleriň öz çäginde ýaýramagynyň öňüni almak başartdy.

Öz çykyşlarynda Belarus Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ýe.Bogdan, şeýle-de daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümi, hususan-da Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça prorektory W.Rudenok, Tbilisi Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wise-rektory I.Kohreidze we Azerbaýjanyň lukmançylyk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça prorektory O.Isaýew dagylar Türkmenistanyň ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagyna ýokary ähmiýet bermek bilen, pandemiýanyň garşysyna gaýragoýulmasyz ýagdaýda hereket edendigini aýratyn nygtadylar. Şeýle-de döwlet Baştutany tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgesiniň hemmetaraplaýyn wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýändigi hem bellenilip geçildi.

Brifingiň barşynda çökgünli ýagdaýlaryň derwaýys çözülmegi boýunça global guralyň kesgitlenilmegi dogrusynda hem pikir alyşyldy. Çärä gatnaşyjylar durnukly ösüş hereketleriniň binýadynda ähli adamlaryň saglygynyň goraglylygynyň durýandygy baradaky pikire geldiler

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi