JEMGYÝET

Çoganlyda nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjegindäki baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we köp sanly dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Amanow hasabat berdi.

IIM-niň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala aşyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bularda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.

Öýüň giň otaglarynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryna laýyklykda, maşgala dabaralaryny, toý sadakalaryny geçirmek, myhman kabul etmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Kottej jaýlaryň gurluşygynda raýatlaryň ýaşaýyş we durmuş ýörelgeleri, häzirki döwrüň talaplary zerur şert hökmünde kabul edilýär. Olaryň gurluşygynda ýerli çig mallardan taýýarlanan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Meýdany 8 sotoga barabar bolan mellek ýerinde ekerançylyk bilen meşgullanmaga ýa-da miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýörite meýdança döredilipdir.

Täze jaýa göçüp gelenler halkymyz hakynda aladasy we ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Oraza aýy-2022 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar

Pezeşkian: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy giňelderis

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy