DÜNÝÄ

Çili Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Çili Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Rodrigo Enrike Arkosyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ilçä ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Syýasy-diplomatik ugry boýunça gatnaşyklaryň çäklerinde taraplar daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeleriň geçirilmeginiň, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň guralmagynyň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Bu ugurda Çili tarapyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň kararnamalaryna awtordaşlygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, diplomatlar Aşgabada we Santýago degişlilikde söwda wekiliýetleriniň saparlaryny guramaga gyzyklanmany beýan etdiler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde Türkmenistanda Latin Amerikasynyň medeniýet günleriniň geçirilmeginiň mümkinçiliklerine seredildi.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy