Honkongda ýerleşýän Daimon Robotics Technology Co., Ltd. 2026-njy ýylyň 6–9-njy ýanwary aralygynda Las Wegas şäherinde geçiriljek dünýäniň iň iri tehnologiya sergisi CES 2026-da öz tehnologiýalaryny tanyşdyrýar. Kompaniýanyň stendi Las Vegas Convention Center (LVCC) — North Hall, 11124-nji stendde ýerleşýär.
Daimon Robotics CES 2026 sergisinde Force / Tactile Feedback Teleoperation Data Acquisition System — DM-EXton2 atly ulgamyny görkezýär. Kompaniýanyň maglumatyna görä, bu ulgam ulanyjy tarapyndan geýilýär we robot ulanyjynyň hereketlerini 1:1 takyklyk bilen gaýtalaýar. Şeýle hem ulgam örän inçe manipulýasiýa işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýa öz iş ugruny robotlara tactile perception (duýgurlyk ukyby) bermek bilen baglanyşdyrýar we robotyň diňe görüp däl-de, daşky gurşawy duýup hem manipulýasiýa edip bilmeginiň möhümdigini belleýär.
Daimon Robotics Technology Co., Ltd. Honkong Ylym we Tehnologiýa Uniwersiteti (HKUST) tarapyndan ösdürilen embodied intelligence ugrunda işleýän kompaniýa bolup, HKUST Robotika Institutynyň esaslandyryjy direktory Professor Michael Yu Wang hem-de Dr. Duan Jianghua tarapyndan bilelikde esaslandyryldy.
Kompaniýanyň esaslandyryjylaryndan biri bolan Professor Michael Yu Wang 2021-nji ýylda IEEE Robotics and Automation Society (IEEE RAS) guramasynyň dolandyryş komitetine (AdCom) saýlanyp, yzly-yzyna iki möhlet üçin täzeden saýlandy. Bu ýagdaý Daimon Robotics-iň ylmy-barlag ugrunyň embodied intelligence we adam-robot hyzmatdaşlygy ýaly halkara öňdebaryjy mowzuklar bilen sazlaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär.
CES 2026-da Daimon Robotics tarapyndan görkezilýän esasy tehnologiýalar we önümler aşakdakylardan ybarat:
DM-Tac seriýaly optiki tactile sensorlar – bu sensorlar 1 inedördül santimetr meýdanda 40 müň tactile duýgurlyk birligini özünde jemleýär. Bu görkeziji adam derisinden onlarça esse ýokarydyr. Önüm geçen ýylyň aprel aýyndan bäri köpçülikleýin öndürilip, 10 müň birlik möçberinde senagat derejesine çykaryldy.
DM-EXton seriýaly teleoperasiýa maglumat ýygnamak ulgamlary – robot hereket maglumatlaryny ýygnamak üçin niýetlenendir we VTLA/VLA köp modal emeli intellekt modellerini taýýarlamak maksady bilen ulanylýar.
Optiki tactile eli we gripperleri – bu enjamlar tutulýan obýektiň materialyna, görnüşine we gatylygyna görä tutuş strategiýasyny sazlap bilýär, şeýle hem takyk güýç dolandyryş mümkinçiliklerine eýedir.
Daimon One – Vision–Tactile–Language–Action (VTLA) esasly köp modal manipulýasiýa modeli bolup, görüş, tactile we dil maglumatlaryny birleşdirip, hereketleriň netijesini öňünden çaklamaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, bu tehnologiýalar robotlaryň çylşyrymly ýagdaýlarda has takyk hereket etmegine, dürli ssenariýalara uýgunlaşmagyna we köp ugurly ulanylyşa geçmegine hyzmat edýär.
Daimon Robotics CES 2026 sergisinde myhmanlara we hünärmenlere öz tehnologiýalaryny ýerinde görkezýär we robotlar üçin duýgurlyk esasly täze mümkinçilikler bilen tanyşdyrýar.
