SPORT

Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna galan toparlar belli boldy

Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 1/4 final tapgyryna galan toparlar belli boldy. Bu tapgyra Angliýadan 3. Germaniýadan 2, Ispaniýa, Portugaliýa we Fransiýadan 1 topar çykmagy başardy.

Çempionlar Ligasynyň 1/4 finalyna Lionel Messi hem-de Kristiano Ronaldo ýaly dünýäniň iň ökde futbolçylarynyň toparlary çykyp bilmedi. Olara derek ýyldyzlaşyp gelýän Kilian Mbappe hem-de Erling Holand ýaly futbolçylaryň toparlary bar.

1/4 final tpagyryna “Liwerpul”, “Mançester Siti”, “PSŽ”, “Real”, “Borussiýa”, “Porto”, “Bawariýa” we “Çelsi” ýaly toparlar çykdy.

19-njy martda bijek çekilişik geçiriler. Şondan soňra 1/4 final duşuşyklarynyň ilkinji oýuny 6-7-nji aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 13-14-nji aprelde geçiriler.

Tomas Tuheliň ýolbaşçylygyndaky “Çelsi” toparynyň Ispaniýanyň öňdebaryjysy “Atletiko” toparyny ýaryşdan galdyrmagy köpleri haýran galdyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylyň Çempionlar ligasynyň çempiony “Bawariýa” topary 19-njy gezek 1/4 final tapgyryna çykyp, bu ugurda rekord goýdy.

 

2021-nji ýylyň iň gymmat awtoulagy

Ýene-de okaň

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Şumaher “Formula-1”-iň taryhynda iň köp girdeji gazanan türgen boldy

«Arkadag» futbol topary Ronaldonyň topary bilen duşuşyp biler