SPORT

Çempionlar ligasy oktýabrda başlaýar

Ýewropanyň futbol bileleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynyň 2020-2021-nji ýyldaky möwsüminiň 20-nji oktýabrda başlanjakdygyny mälim etdi. Ýewropanyň iň abraýly ýaryşynyň tapgyrlaýyn duşuşyklarynyň ilkinjisi 20-nji oktýabrda geçiriler.

2-nji tapgyr 27-28-nji oktýabrda, 3-nji tapgyr 3-4-nji noýabrda, 4-nji tapgyr 24-25-nji noýabrda, 5-nji tapgyr 1-2-nji dekabrda, 6-njy tapgyr 8-9-njy dekabrda geçiriler.

Pleý-off duşuşyklary 2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda başlar. Çärýek final duşuşyklary 6-7-nji we 13-14-nji aprelde, ýarym final duşuşyklary 27-28-nji aprel we 4-5-nji maýda geçiriler.

Final duşuşygy bolsa 29-njy maýda Stambul şäherinde gurnalar.

2019-2020-nji ýyldaky Çempionlar ligasynyň duşuşyklary koronawirus sebäpli arakesme yglan edildi. Galan duşuşyklar awgust aýynda Portugaliýanyň Lissabon şäherinde geçiriler.

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler