SPORT

Çempionlar Ligasy bijeleri: “Bawariýa – PSŽ”

Şu gün “UEFA” guramasynyň Nýon şäherindäki ştab-kwartirasynda Çempionlar ligasynyň 1/4 tapgyr duşuşyklarynyň bije çekiliş dabarasy geçirildi. Geçen 1/8 tapgyr duşuşyklary käbir janköýerlerini haýran goýdy. Sebäbi dünýäniň öňdebaryjy toparlary hasaplanylýan “Ýuwentus, Barselona we Atletiko Madrid” ýaly toparlar gynansak-da ýaryşy tamamlamaly boldular. Has takyk bolsa indiki dowam etjek tapgyrlar dünýä belli Ronaldo we Messi ýaly ýyldyz hüjümçilersiz dowam eder.

Çempionlar ligasynyň 1/4 tapgyryna gatnaşjak toparlar: “Bawariýa”, “Borussiýa Dortmund”, “Liwerpul”, “Mançester Siti”, “Çelsi”, “PSŽ”, “Real Madrid”, “Porto”.

Çempionlar ligasynyň 1/4 tapgyrynda geçiriljek duşuşyklar:
“Mançester Siti – Borussiýa Dortmund”
“Porto – Çelsi”
“Bawariýa – PSŽ”
“Real Madrid – Liwerpul”

Bije çekilişige ser salanymyzda onda futbol janköýerlerimiz geçen möwsümiň final duşuşygyny indi 1/4 tapgyr duşuşygynda tomaşa edip bilerler. Ýene-de iki ýyldan soňra “Real Madrid” topary “Liwerpul” topary bilen duşuşar.
Çempionlar ligasynyň 1/4 tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 6-7-nji aprelinde geçiriler, jogap duşuşyklary bolsa 13-14-nji aprelde geçiriler. Ilkinji ýarym final duşuşyklary 27-28-nji aprelinde, jogap duşuşyklary bolsa 4-5-nji maýda geçiriler.

Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 29-nji maýda Istanbul şäheriniň “Atatürk Olimpiýa” stadionynda geçiriler.

Ispaniýanyň iň köp gazanýan futbolçylary we tälimçileri

Ýene-de okaň

“Roma” Mohamed Salahy “Liwerpuldan” kärendesine alyp biler

Mareska “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy