SPORT

Çempionlar ligasy: “Barselona” ýene-de ýeňildi

Ýewropanyň iň abraýly futbol ýaryşlarynyň biri hasaplanýan UEFA-nyň Çempionlar Ligasy 1/8 final duşuşyklary geçirildi. Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň ilkinji duşuşyklarynda “Barselona – PSŽ” hem-de “RB Leýpsig – Liwerpul” toparlary duşuşdy.

“BARSELONA” ÝENE-DE ÝEŇILDI

Ispaniýanyň “Barselona” topary öý meýdançasynda Fransiýanyň çempiony “PSŽ” toparyny kabul etdi. “PSŽ” topary 4:1 hasabynda utdy.

Neýmarsyz “PSŽ” toparynyň oýny nähili bolarka diýýän bilermenler ýalňyşdy öýdýän. Olar “PSŽ”-niň düzümindäki ösüp gelýän ýaş ýyldyz Mbappeniň bardygyny unutdan ýaly. Dogrusy, belki bu duşuşykda Mbappenin 3 gol geçirjekdigine hiç kim ynanan däldir. Kilian Mbappe duşuşygyň 32-nji, 65-nji hem-de 85-nji minutlarynda tapawutlandy. Şeýle hem onuň topardaşy Moýze Kin 70-nji minutda gol geçirmegi başardy.

“Barselona” toparynyň ýeke-täk goluny 11 metrlik jerime urgusynda Lionel Messi geçirdi. Kilian Mbappe “Barselona” toparyna öý meýdançasynda 3 gol geçiren ikinji futbolçy boldy. Mundan ozal, 1997-nji ýylda Andreý Şewçenko “Barselona” 3 gol geçiripdi.

2017-nji ýylda hem “Barselona” bilen “PSŽ” toparlary duşuşypdy. Şonda “PSŽ” ilkinji duşuşykda 4:0 hasabynda ýeňipdi. Ýöne jogap duşuşygynda “Barselona” öz meýdançasynda 6:1 hasabynda utup, bir soňky tapgyra çykypdy.

“LIWERPUL” ŞOWSUZLYGA ÝOL BERMEDI

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygy Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirildi. Koronawirus ýokanjy sebäpli Germaniýada bu duşuşygyň geçirilmegine Germaniýanyň hökümeti rugsat bermändi.

Nemes tälimçi Ýürgen Kloppyň topary “Liwerpul” Angliýanyň çempionatynda soňky 3 duşuşykda ýeňlendigine garamazdan, bu duşuşykda ýeňmegi başardy. “Liwerpul” topary garşydaşy “RB Leýpsig” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Mohammed Salah bilen Sadio Mane tapawutlandy.

 

Linkler

 

Ýene-de okaň

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup biler

Döwletjan Ýagşymyradowa ýeňiş gazanmak başartmady

Özbegistan bilen Azerbaýjan 2027-nji ýylda dünýä çempionatyny kabul eder

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň resmi topuny tanyşdyrdy

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar