SPORT

“Çelsi” topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Angliýanyň “Çelsi” topary UEFA-nyň Konferensiýa Ligasynyň kubogynyň finalynda Ispaniýanyň “Betis” toparyny 4:1 hasabynda utup, UEFA-nyň 3-nji derejeli kubogyny gazandy.

Final duşuşygy Polşanyň Wroslaw şäheriniň stadionynda geçirildi. “Çelsiniň” düzüminde Enso Fernandes, Nikolas Jekson, Jeýdon Sanço we Moýses Kaýsedo tapawutlandy.

Ispan toparynyň ýeke-täk goluny Abde geçirdi.

“Çelsi” we “Betis” toparlary ilkinji gezek Konferensiýa ligasynda çykyş etdiler. Iňlis topary bu kubogy ilkinji gezek gazandy.

Şeýle hem Angliýanyň “Çelsi” topary bu kubogy gazanmak bilen, UEFA-nyň 5 kubogyny hem gazanan ilkinji topar boldy. Çempionlar ligasynyň, Ýewropa Ligasynyň, UEFA-nyň Superkubogyny gazanypdy.

“Çelsi” we “Betis” toparlary toparylary özara 5-nji duşuşygy geçirdi. London kluby 4 gezek ýeňiş gazandy. toparlaryň arasyndaky soňky duşuşyk 2005-nji ýylda geçirilipdi.

Konferensiýa Ligasy – Ýewropanyň klublar derejesindäki 3-nji derejeli kubogydyr. UEFA tarapyndan klublar derejesinde Çempionlar Ligasy, Ýewropa Ligasy hem-de Konferensiýa Ligasy boýunça ýaryş guralýar.

Konferensiýa ligasynyň kubogy ugrundkay ýaryş 2021/22-nji möwsümde başlady. Bu kubogy ilkinji bolup, Italiýanyň “Roma” topary eýeledi. Soňra Angliýanyň “West Hem” hem-de Gresiýanyň “Olimpiakos” toparlary bu kubogy gazanmagy başardy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”