MEDENIÝET

Çaýyň 1 kilogramynyň bahasy 15.5 müň dollar

Çaýyň täze hasylynyň bir kilogramy auksionda 1,96 million ýene (15.5 müň dollar) satyldy. Bu söwda satuwy Ýaponiýada amala aşyryldy.

“The Japan Times” neşiriniň habar bermegine görä, Sidzuoka prefekturasynda geçirilen söwda satuwynda çaýyň gymmat bahadan satyldy. Bu çaý Fudzinomiýa şäherinde ösdürilip ýetişdirildi.

Her ýyl Sudzioke prefekturasynda çaý öndürijiler önüminiň ilkinji hasylyny söwda satuwynda satýarýar. Söwda satuwyny önüm öndürijiler we satyn alyjy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Söwda satuwyny guramaçylaryň bellemegine görä, 2022-nji ýylda çaý bazary birneme pese gaçdy. Energiýa göterijileriň we çig malyň bahasynyň ýokarlanýandygyna garamazdan, ýakymly çaý bazaryny amatly bahada saklamak üçin tagalla edilýär.

Umuman, Ýaponiýada önümleriň täze hasylynyň söwda satuwlary yzygiderli geçirilýär. Bu ýurtda üzümiň, gawunyň hem täze hasyly üçin auksionlar guralýar.

Golaýda, Ýuwaş ummanynyň mawy tunes balygy 16,9 million ýene (11 million dollara) satyldy.

 

18-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy