SIZDEN GELENLER

Çaý başynyň süýjülik güýmenjesi

Mähriban okyjylar, men size bu gezek çaý başynda güýmener ýaly, agzyňyzda ereýän kökäniň taýýarlanyşy barada maglumat bermekçi.

Munuň üçin gerekli önümler:

  1. 50 gram otag gyzgynlygynda mesge
  2. Ýarym bulgurdan azrak ýag
  3. 1 sany ýumurtga
  4. 4/3 bulgur şeker tozy (1 bulgura ýeter ýetmez)
  5. 1 nahar çemçesi kakao (islege görä, kakao halamaýan ýönekeý görnüşde-de taýýarlap biler)
  6. 1 sany hamyr tozy we wanilin
  7. 1,5 bulgur un                              
  • Bellik: Kökäni kibirdewük halaýanlar, üstüniň şerbetini taýýarlaman bilerler. Ýumşak köke halaýan bolsaňyz, 1 bulgurdan az şeker we suwy gazda gaýnatmaly.

Taýýarlanyşy:

Ýokarky agzalan önümleri bir gaba salyp, hamyr taýýarlamaly. Hamyry gowy edip ýugurmaly.

Şeýlelikde, eliňe ýelmeşmeýän hamyr emele gelmeli. Emele gelen hamyry hoz şeklinde bölüp, her dürli şekiljikler ýasamaly. Hozuň şeklinden uly bolmasa has gowy bolar. Sebäbi kökämiz bişende, çişip ýasan şekiliňiz has uly şekile öwrülip biler. Iň soňunda bolsa, kökämizi howurpeçde 180° dereje gyzgynlykda 10-15 min goýmaly.

Ine, mähriban okyjylar agzyňda eräp duran kibirdedük kökämiz hem taýýar boldy. Taýýar bolan kökäňiziň bezegini öz islegiňize görä edip bilersiňiz. Şerbeti hem özüňize görä taýýarlap bilersiňiz.

Işdäňiz açyk bolsun!

 

Taýýarlan: Aýşirin ALYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty