SÖHBETDEŞLIK

Çaryguly Hommadow: “Ependi aga” bilen söhbetdeşlik

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin geçirýän söhbetdeşligimiziň bu gezekki myhmany Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çaryguly HOMMADOW.

Hormatly Çaryguly aga, Sizi redaksiýamyzda hoş gördük. Biziň bilen söhbetdeşlik geçirmäge razylyk berendigiňiz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan Size minnetdarlygymyzy bildirýäris. Geliň, söhbetdeşligimizi Siziň sungata geliş taryhyňyzdan başlaýalyň…

Men size hormat bildirip, redaksiýaňyza söhbetdeşlik etmek üçin çagyrandygyňyza sag bolsun aýdýaryn. Elbetde, hemme sungat adamlarynda bolşy ýaly, mende hem çagalykdan sungata höwes, söýgi döredi. Mekdepde okaýan döwürlerimde drama gurnaklaryna gatnaýardym. Mekdebi tamamlansoň şol wagtky Oba hojalyk tehnikumynda  bilim aldym. Harby gulluga gidip gelenimden soň Babadaýhan etrabynyň Ak altyn obasyndaky medeniýet öýüne işe girdim. Şol medeniýet öýünde ilki kitaphanada çeper ýolbaşçy bolup işledim. Işimiň daşyndan teatra hem gatnaýardym. Şol wagtlarda biziň drama gurnagymyz bardy. Onda Aşyr Mämiliýew bilen Begi Suwhanowyň “Şinal” spektaklyny sahnalaşdyrdyk. Şol oýny sahnalaşdyranymyzdan soň bize halk teatr diýen at berdi. 1987-nji ýylda teatr diýlen adyň berlen ýylam men şol teatrda režissýor edip bellediler. Men şol ýerde 1997-nji ýyla çenli režissýor bolup zähmet çekdim. Şol döwürlerde dürli oýunlary goýup, welaýatlara, beýleki ýurtlara iş saparlaryna gitdik, ençeme üstünlikler gazandyk. Ondan soň meni satira teatryna işe alyp gaýtdylar. Ol teatry Töre Annaberdiýew açypdy. Şeýlelikde, men 1997-nji ýylda Aşgabat şäherindäki teatrda zähmet ýoluma dowam etdim. Şondan bäri hem teatrlarda we kinolarda dürli keşpleri janlandyryp, zähmet çekip ýörün.

Siz, köplenç, wäşi keşpleri janlandyrýarsyňyz. Munda wäşiligi (komediýa) Size iň ýakyn bolan artistlik görnüşi diýip aýdyp bilerismi?

Elbetde, wäşilik maňa iň ýakyn görnüş. Sebäbi, meniň özüm degişme sahnalarynda wäşi keşpleri janlandyryp halka tanaldym.

Biz Sizi, esasan, kinoda janlandyran “Ependi” keşbiňiz bilen tanaýarys. Şol keşbiňizi iň şowly çykan keşp diýsek ýalňyş bolmasa gerek?!

Hawa, režissýorlar Wepa we Eziz Işangulyýewler ikisi bileleşip “Ependi” filmini döretdiler. Şol filmde maňa baş keşp bolan Ependiniň keşbini ynandylar. “Ependi” filmini halkymyz gowy kabul edip, meni Ependi aga diýip atlandyryp başladylar. Ýöne, ondan soň hem režissýor Aşyr Rahmanowyň “Ak ýaýlanyň aýdymy” filminde hem ýaşuly adamyň keşbini janlandyrdym. Ol keşp hem öz ugruma degişli bolan gülkünç keşpdi.

Siziň özüňiz haýsy artistlere tomaşa etmegi halaýarsyňyz?

Meniň özüm artistlik ugrundan ýokary okuw jaýynda okamasam-da, bu käri söýüp, oňa höwes edip, şonuň eýesi boldum. Mekdepde okaýan döwürlerim teleýaýlymda Tagan Saryýew, Gurbannazar Atakgaýew, Juma Ýazmyradow ýaly artistleriň döreden keşplerini gowy görüp tomaşa edýärdim. Ýöne, şolar bilen sahnada bile işleşmek maňa-da nesip etdi. Häzirki wagtda teatrda Ýagşy Akyýew, Orazgül Apbasowa ýaly artistlere tomaşa etmegi halaýaryn. Orazgül Apbasowa bilen bilelikde ençeme keşpleri janlandyrdyk. Biziň üçin şular ýaly uly halypalar bilen bile işleşmek, bir gapydan girip-çykmagyň özi uly bagt. Çünki olar öňümizde bize görelde alarlyk mekdep bolup durýarlar.

Siziň pikiriňizçe, teatryň ömri has uzakmy ýa-da kinonyň?

 Meniň pikirimçe, kino sungatynyň ömri has uzak. Sebäbi bir döwürlerde ýazylan kinolary uzak ýyllar gaýtalap görüp bolýar. Teatrda bolsa, birwagtlaýyn. Ony soň wagtyň geçmegi bilen gaýtalap bolanok. Olar soň diňe ýatlama bolup galýar.

Siz söhbetdeşligimiziň başynda teatr ugrundan okamandygyňyzy aýtdyňyz. Teatr ugrundan okamandygyňyz Size teatrda we kinoda keşp janlandyranyňyzda kynçylyklary hem döredendir?!

 Elbetde, bu ugurda kynçylyklar köp gabat geldi. Emma artistlik ugrundan okamasam-da, teatrda halypalar bilen bile işleşip, olaryň keşp janlandyryşlaryna tomaşa edip, özüme gerekli bilimleri, maslahatlary aldym. Ýöne, men-ä häzirki ýagdaýymdan nägile däl. Çünki berlen keşbi talabalaýyk ýerine ýetirýän diýip pikir edýärin. Muny, elbetde, halkymyz görýändir, baha berýändir.

Siziň şu wagta çenli janlandyran keşpleriňiziň içinde özüňiziň kalbyňyza jaý bolan, ýüregiňize ýakyn keşbiňiz boldumy?

Elbetde. Kino sungatynda Ependiniň keşbi, teatrda bolsa “Režissýor gözlegde” atly spektaklda janlandyran Çary çukur keşbi maňa iň ýakyn bolan keşpler. Bu spektakly 1994-nji ýylda ýerine ýetiripdik. Sahnada janlandyran Çary çukur diýen keşbimden soň, maňa “çukur” diýen lakam galdy. Häzirem käte meni Ependi aga hem-de Çary çukur diýip atlandyrýarlar. Ýöne bulardan başga-da janlandyran keşplerim sanardan kän. “Molýer” spektaklynda-da Luka daýy diýen keşbi janlandyrdym. Olam gowy keşplerimiň biri.

Keşbiň şowly çykmagy nämä bagly?

 Keşbiň şowly çykmagy, birinjiden, öz yhlasyňa, ikinjiden, töweregiňdäki adamlara, sahnada bilelikde keşp janlandyrýan partnýoryňa, şeýle hem halk köpçüligine bagly. Çünki halk seniň janlandyran keşbiňizi halasa, ony hiç wagt ýatdan çykarmaýar we saňa goltgy bolýar. Bular artiste ruhy lezzet berýär. Şol ruhy lezzeti duýmak seni geljekde has gowy keşpleri janlandyrmaga höweslendirýär.

Sahnada ýerine ýetirilmeli kadalar, umuman, sahna medeniýeti barada hem durup geçäýseňiz…

 Sahnada sahna medeniýetine uýmaklyk iň wajyp zat. Sebäbi sahna mukaddes ýer. Halk sahnada seni görüp, seniň keşp janlandyryşyňa baha berýär. Şonda medeniýetiňi saklamasaň bolmaýar. Sahnada eser boýunça-da saklanylmagy medeniýet bar. Mysal üçin, sahnada ýeňsäňe öwrülip gürlemek we beýleki şuňa meňzeş gödek hereketler sahna medeniýetiniň bozulmagyna getirýär. Sen spektakly halk üçin, tomaşaçy üçin, halkyň alkyşyny gazanmak ýerine ýetirýärsiň. Spektakldan soňky el çarpyşmalar her bir artist üçin iň uly baha hasaplanýar. Şol sebäpden sahna medeniýetine boýun bolunmasa şowlulyk hem, üstünlik hem bolmaýar.

Tankyda nähili garaýarsyňyz?

Tankyt gerekli zat. Tankyt bolmasa eserdäki gowy taraplaryň bilinmeýär, adamda ösüş bolmaýar. Elbetde, gerek ýerinde tankydy hem kabul etmäni, eden ýalňyşlaryňy düzetmäni başarmaly.

Teatryň geljegi hakda näme diýip bilersiňiz?

 Teatrlarymyzyň geljegi uly, ýagty diýip hasaplaýaryn. Sebäbi öňümizde edilmeli işler örän kän. Ýöne häzir edilýän işlerem kän. Tüweleme, biri-birinden zehinli, ukyply ýaşlarymyz bar. Başga-da täze artistlerimiz hem kemala gelýär. Olar teatrlarda işläp, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýärler. Şol sebäpden hem, geljekde-de olardan gowy eserleriň çykjakdygyna umyt edýärin.

Siziň öňüňizde nähili maksatlaryňyz bar?

Elbetde, meniňem öňümde edýän uly maksatlarym bar. Nesip bolsa, döwlet çärelerinde, teatrlarda, kinolarda dürli çykyşlar bilen halkymyzyň göwnünden turjak keşpleri, olaryň ýüzlerine gülki paýlajak keşpleri janlandyrmagy maksat edinýärin.

Siziň ýaş artistlere berjek maslahatlaryňyz bilen söhbetdeşligimizi jemläýeliň

 Ýaşlara berjek ilkinji maslahatym – elmydama yhlasly, öz kärine höwesli bolsunlar. Olar hemişe halypalaryň berýän maslahatlaryny alyp, zähmet çekseler, ýollary uzak, işleri elmydama şowly bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bize öz kömegini berýän, halypa-şägirtlik ýoluny ýöretmäge mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Çaryguly aga, köp sag boluň. Size-de işleriňizde üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 Söhbetdeşligi geçiren Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Gülşat Gurdowa: Halkyň hoş owazly bilbili

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda