MEDENIÝET

«Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde yglan eden «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bäsleşige zehinli ýaş bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Ýerlerde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň şertlerine görä oňa gatnaşan sazandalaryň her biri ýekelikde türkmen halk sazyny çalmakda, şirin owazly bagşylaryň her biri bolsa türkmen halk aýdymyny ýa-da mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gurban Çaryýewiň «Gyrmyzy», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Akmyrat Hoşşyýewiň «Hajy golak» atly türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirişlerine emin agzalary ýokary baha berdiler. Halaç etrabynyň Pelwert geňeşliginiň ýaşaýjysy Haýtmyrat Illiýew «Näzlim», Türkmenabat şäheriniň medeniýet merkeziniň artisti Rozygül Şirmedowa «Bezi gen hany?» atly türkmen halk aýdymlaryny ussat lyk bilen ýerine ýetirdiler. Atlary agza lan bagşy-sazandalar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler we onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi