SIZDEN GELENLERTESWIRLER

Çagaňyza nähili oýnawaç saýlaýaňyz?

Oýnawaçlar çagalar üçin diňe bir güýmenje däl, ol çaganyň intellektual ösüşine, gylyk-häsiýetleriniň kemala gelmegine täsir edýär. Oýnawaçlar witrinasynda duran oýunjaklar çaganyň ünsüni näçe özüne çekse-de, ene-atalar çaganyň ýaşyna görä oýnawaçlary pikirlenip saýlamalydyrlar. Esasy zat, gymmatbahaly oýnawaç däl, olar üçin gyzykly we uzak wagt güýmenip biljek oýnawaçlary almak bolup durýar. Oýnawaç saýlananda çagalaryň ýaşyna görä reňkli, sertifikatly oýnawaçlar saýlamak möhümdir. Çünki çagalarda gaharjaňlyk, rehimdarlyk, ünslülik ýaly häsiýetleriň döremeginde oýnawaçlaryň ýetirýän täsiri az däldir. Bu barada internet maglumatlaryndan taýýarlanan psihologlaryň maslahatlaryny ýetirmek isleýäris.

Bäbekleriň oýnawaçlara gyzyklanmasy ýokdur. Onuň üçin daş-töweregindäki islendik zatlar, reňkler, ýyldyraýan çyralar güýmenjedir. Çaga bulary synlap, rahat uka gidýär.

6-7 aýlyk çagalar. Bu döwürde emedeklemäge we oturmaga başlan çagalaryň hereketleri hem artmaga başlaýar. El hereketlerini artdyrjak, sesli we tutmak üçin oýnawaçlar saýlanyp biler. Dişleriniň çykyp başlany üçin bäbekleriň dişleriniň gijilemesini aýryp biljek dişlenýän oýnawaçlar alynmalydyr. Bularyň hemişe arassa bolmagyna gözegçilik edilmelidir.

 

15-18 aýlyk çagalar. Ýöremäge başlan çagalaryň ulalandygyny aýtmak gerek. Aýratyn hem, 18 aýyny dolduran çagalaryň bilesigeliji dünýäsi üçin bar zat gyzykly. Şonuň üçin hem olaryň intellektual ukybyny ösdürjek oýnawaçlary göz öňüne tutuň. Şu nukdaýnazardan, toplumlaýyn düzülýän we böleklere bölünýän oýnawaçlar almak gerek. bu ýaşdaky çagalar käbir bölekleri birleşdirip, görnüşleri üýtgedip durmagy söýýärler.

 

2-3 ýaşly çagalar. Çagalaryň sosial jemgyýeti tanap başlan döwrüdir. Şu sebäpden hem piknik görnüşli oýnawaçlara höwesekdir. Munuň üçin gurjaklar, aşhana oýunjaklary, transport oýnawaçlaryň torbasyny saýlamagy maslahat berýärler. gezmegi halaýandyklary üçin haýwanlary tanamaga çalşarlar. kiçijek pişik sowgat berlip bilner.

 

  3-6 ýaşly çagalar. Daş-töwerege gyzyklanmalary artan çagalar üçin bu ýaşda fiziki hereketleriniň  işjeňleşýän döwrüdir. Şu sebäpden bökmek hereketleri artýar. Iň köp hereket etmäge islegi döwür bolany üçin welosiped alyp bermegiň döwri geldi diýsek hem ýalňyşmasak gerek. Futbol, stol tennisi, suwda ýüzmek üçin balonlar çagalar üçin ideal bir güýmenje görnüşdäki sportdur.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika