JEMGYÝET

Çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi aldylar

Mümkinçilikleri çäkli we ýarawsyz çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna döwlet tarapyndan goldawa mätäç dogabitdi kesellerden ejir çekýän çagalaryň 100-den gowragyna dürli lukmançylyk amallary ýerine ýetirildi. 50-den gowrak çaga saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilip, lukmançylyk maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Dogabitdi ýürek ýetmezçiligi we daýanç hem hereket ediş ulgamynyň keselleri bolan çagalar üçin edilýän aladalar hem ünsden düşürilmeýär.

Ýakynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, 4 aýlyk Umyt Orakbaýewe, Mary welaýatyndan 6 ýaşly Şatlyk Agahalilowa, 15 ýaşly Agaşöhrat Agahalilowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Süleýman Orazmämmedowa, şeýle-de Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, 3 ýaşly Musa Aşyrowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, 4 ýaşly Alyhan Annamyradowa, 12 ýaşly Tumar Mahmudowa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýerli lukmanlarymyz tarapyndan çylşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri