SPORT

«CAFA Nations Cup-2023»: Türkmenistan:1 – 1: Täjigistan

Şu gün, 11-nji iýunda Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň halkara ýaryşynda “A” toparçanyň duşuşyklary geçirildi.

Bu ýaryşda çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy «CAFA Nations Cup-2023» halkara ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny Täjigistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirdi.

Bu duşuşyk Daşkendiň “Pahtakor” stadionynda geçirilip, duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňip barýandygyna garamazdan, duşuşygyň soňky minutlarynda öz derwezesinden gol geçirdip, ýeňiş gazanmak mümkinçiligini giderdi.

Duşuşygyň 57-nji minutynda Myrat Annaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyny öňe geçirdi. 86-njy minutda täjik futbolçysy Nuriddin Hamrokulow hasaby deňledi.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler