MEDENIÝET

Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Oguz han we H.Ökdirow köçeleriniň çatrygynda gurlan 1 sany 32 öýli we 1 sany 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Aşgabat şäheriniň häkimi, paýtagtymyzyň il sylagly ýaşululary we ak gyňaçly mährem eneleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy turuwbaşdan toý ruhuna beslendi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşyjy myhmanlar ilki bilen «Serpaý» folklor toparynyň ýörite taýýarlan şowhunly aýdym-sazly, tansly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Şeýle ajaýyp pursatlarda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy mynasybetli dürli reňkli şarlaryň asmana uçurylmagy dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny has-da artdyryp, olarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Bagtyýar maşgalalara täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bu ajaýyp wakanyň iň täsirli, ýatda galyjy pursatlaryna beslendi. Soňra döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Açylyş dabarasyna gatnaşyjy myhmanlara dürli naz-nygmatlar, toý pişmeleri hödür edildi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň sazçylyk sungat mekdebiniň deprekçiler, «Ak mermer» folklor, şeýle hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde «Jaý toýy» we «Galpak toýy» sahnalarynyň görkezilmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki çagalar meýdançasynda şadyýan körpeleriň milli oýunlary oýnaýan pursatlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy