DÜNÝÄSPORT

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Bu gün, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Astana şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamany esasynda ykar edilen – Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişini «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda gurady.

Sport we dynç alyş çäresi Gazagystanyň paýtagtynyň iň ajaýyp künjeginde – Astana Triatlon seýilgähinde guraldy we oňa bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri hem-de welosiped sportunyň janköýerleri gatnaşdylar.

Welosiped ýörişiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow maksatnamalaýyn çykyşy bilen çäräni açdy hem-de onda welosiped sportunyň Türkmenistanda we tutuş dünýäde tutýan ornunyň barha artýandygy, şeýle hem häzirki ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin Türkmenistanyň ýaşlar we sport syýasaty boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Ýörişiň ahyrynda, sport çäresine gatnaşyjylaryň ählisine degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder