SIZDEN GELENLER

Bütindünýä telewideniýe güni

21-nji noýabrda bütindünýä telewideniýa güni bellenildi. Bu baýramçylyk 1996-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilipdi. Ol birinji Bütindünýä teleýaýlym forumyna bagyşlanyp esaslandyryldy. Bu baýramçylygyň esasy maksady – tutuş dünýäde asudalygyň we durnukly ösüşiň ilerledilmeginde telewideniýanyň ähmiýetine üns çekmekden ybaratdyr. Bu baýramçylygyň döredilmegine gatnaşyjylar dünýä ýurtlaryny parahatçylyga, dost-doganlyga, durnukly ösüşe çagyryjy we wagyz ediji gepleşikleri taýýarlap, tomaşaçylar köpçüligine ýetirilmegini gazanmaga çagyrdy.

Türkmen telewideniýasyna hem ser salyp görsek, onuň ösüş ýoly 60-njy ýyllarda başlaýar. “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy bolsa şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli 2011-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde “Altyn asyr”, “Miras”, ”Ýaşlyk”, “Türkmenistan”, “Türkmen owazy”, “Aşgabat”, “Türkmenistan sport” ýaly teleýaýlymlar döredildi. Ilkinji döredilen gepleşikleriň biri hem “Watan”habarlar gepleşigi bolup, ol häzirki wagtda milli telewideniýasynyň “ýüzi” bolup durýar.

                                                                              Miwe Jumadurdyýewa

                                                     Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginiň

                                                   Halkara gatnaşyklary inistitutynyň Halkara                       

                                                    žurnalistikasy   fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

 

Ýene-de okaň

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti