SIZDEN GELENLER

Bütindünýä radio güni

1946-njy ýylda BMG radiosynyň döredilen senesi 13-nji fewral hasaplanýar. 1950-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýewropanyň radiogepleşikler birleşmesi döredildi. Onuň baş edarasy Ženewa şäherinde ýerleşip, diňe Ýewropada däl, eýsem Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda hem agzalary bar. 2011-nji ýylyň iýun aýynda ÝUNESKO ähli gyzyklanýan taraplar, şol sanda ýaýlym birleşikleri, jemgyýetçilik we halkara ýaýlym guramalar, BMG-niň agentlikleri, fondlar we programmalar akademiýa pudagynda işleýän hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen giňişleýin maslahatlaşdy.

2012-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň tassyklamasy esasynda Bütindünýä radio gününiň halkara senesini 13-nji fewral diýip yglan etdi. Radio häzirki wagtda iň köp ulanylýan metbugat serişdesi bolmagyny dowam etdirýär.

Bütindünýä radio gününden başga-da, bu görnüşli aragatnaşyk muşdaklary Bütindünýä radio höwesjeňler gününi hem belleýärler. Radio, adamzadyň işlerini ilata habar ýetirmek üçin üýtgeşik ukybynyň bolmagy, onuň köp medeniýetli jemgyýeti döretmäge kömek edip bilijiligi, her nukdaýnazardan seslenmegi we eşidilmegi üçin platforma bolup çykyş edýär.

Radio stansiýalary, daşky görnüşi we mazmuny boýunça dürli gepleşikleri hödürläp, ilatyň dürli toparlarynyň bähbitlerine hyzmat edýär. Global derejede radio iň köp ulanylýan köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolmagynda galýar.

Bütindünýä radio gününiň maksady köpçüligiň we metbugatyň arasynda radionyň ähmiýeti barada has köp habarlylygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Giňden tomaşaçylara ýetirmek üçin bu özboluşly ukyp bolup, radio jemgyýetiň köpdürlilik tejribesini emele getirýän meýdança bolup biljekdigini aňladýar.

Amangeldi GARÝAGDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün