DÜNÝÄ

   Bütindünýä  poçta  güni

Bütindünýä poçta  güni  1969-njy ýylda  Ählumumy poçta bileleşigi tarapyndan döredilip, her ýyl  geçirilýän halkara baýramçylyklaryň biridir.  Bu baýramçylyk her ýylyň 9-njy oktýabrynda  bir hepdeligiň çäginde işjeň ýagdaýda bellenilýär.

1874-nji ýylda Şweýsariýanyň paýtagty Bern şäherinde döredilen Ählumumy poçta bileleşiginiň  ýyllygynyň bellenmegi  bu  gününiň taryhynda ädilen ilkinji ädim boldy. Onuň resmi yglan edilmegi 1969-njy ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen  Ählumumy poçta bileleşiginiň   maslahatynyň münberinden alyp gaýdýar. Şondan bäri  Bütindünýä poçta güni her ýyl dünýäniň ençeme ýurtlarynda bellenilip gelinýär. Bu günüň bellenilmegine  zerurlygyň  artmagy bilen Bütindünýä poçta güni Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara günleriniň sanawyna girizilýär.

Halkara poçta  gününiň esasy  maksady poçta pudagynyň – adamlaryň we bileleşikleriň ýagny kompaniýalaryň gündelik durmuşynda tutýan ornuny we ýurduň sosial-ykdysady ösüşine goşýan goşandyny ösdürmekden ybaratdyr.

Bütin dünýäde 5,3 milliondan gowrak işgäri bolan takmynan 650 müň poçta bölümi bar. Bu bolsa poçta bölüminiň  hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge giň mümkinçilik döredýär.

Her ýyl dünýäniň 150-den gowrak döwletinde  Bütindünýä poçta güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Käbir ýurtlarda bu gün umumy dynç güni hasaplanylýar. Emma käbir poçta bölümleri bu pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä poçta gününde iň görnükli işgärleri üçin baýrak gowşurylyş dabaralaryny geçirýärler. Bütindünýä poçta gününiň bildirişleri poçta bölümlerinde we beýleki köpçülik ýerlerinde görkezilýär. Poçta bölümlerinde, merkezlerde we muzeýlerde  bu güne bagyşlanyp açyk gapylar güni,   maslahatlar, hünär okuwlary  şeýle hem medeni, sport we beýleki dynç alyş çärelerini geçirýärler.  Köp ýurtda haýyr-sahawat sergileri,  ýörite ýaryşlar gurnalyp, täze poçta markalar çykarylýar. Bäsleşige gatnaşýan ýurtlarda ýeňijileriň atlary adatça 9-njy oktýabrda yglan edilýär. Poçta dolandyryjylarynyň köpüsi özlerine mahsus  eşikleri,  nyşanlary we ýörite poçta degişliligini alamatlandyrýan önümleri öndürýärler. Bu bolsa poçtanyň adamzat jemgyýetinde ähmiýetiniň has-da  ýokarlanmagyna itergi berýär.

 

                                                                               Gözel Eminowa,

                                          Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                          Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara    

                                          žurnalistikasy fakultetiniň  talyby.

 

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy