SIZDEN GELENLER

Bütindünýä meteorologiýa güni

Her ýyl 23-nji martda BMG-nyň howandarlygyndaky Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň başlangyjy bilen 1961-nji ýyldan bäri Bütindünýä meteorologiýa güni bellenilip geçilýär.

1950-nji ýylyň 23-nji martynda Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Konwensiýasy güýje girip, bu resminamanyň esasynda bu gurama döredildi. Häzirki wagtda onuň agzalygyna dünýä döwletleriniň 187-si hem-de 6 sany territoriýa girýär.

Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň esasy iş ugry dürli ýurtlara meteorologiýa we gidrologiýa hyzmatlary ýerine ýetirmekde ýardam bermekdir. Howanyň üýtgemeginiň mümkin boljak täsirleri barada maglumaty ýaýratmak maksady bilen hünär baýramy geçirilýär, çünki şu günki günde howanyň çalt depginde üýtgemegi adamzadyň duçar bolan iň uly ekologik meseleleriniň biri bolup durýar.

Bu gurama oňa agza bolan ýurtlary gidrometeorologiýa maglumatlary bilen üpjün edýän Bütindünýä howa gullugynyň işiniň netijeli hereket etmegine ýardam berýär. Onuň netijesinde bolsa biz gündeki günde ýakyn geljekdäki howa şertlerine taýyn bolmagymyza kömek edýär.

Biziň ýurdumyzda meteorologiýa meseleleri boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy iş alyp barýar. Ýurdumyzyň çägindäki meteostansiýalar Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň ýeketäk ulgamynda degişli bolup durýar. Stansiýalaryň ýerleşişi Türkmenistanyň çäginden takyk meteorologiýa maglumatlarynynyň alynmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, Gullugyň resmi internet sahypasynda (http://www.meteo.gov.tm) ýurdumyzyň dürli künjekleriniň howa ýagdaýy barada maglumat almak mümkinçiligi bardyr.

Haldurdy Abdyrahmanow, TOHU-nyñ talyby.

 

Atabaý Çarygulyýew: aýdymly ykbalyň kyssasy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika