Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalygy goramak, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny saklamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň, artykmaçlyklarynyň we ileri tutulmalarynyň köptaraplaýyn ulgamy we ygtybarly hukuk hem-de durmuş kepillikleri döredildi.
Halkara hukuk namalarynda çagalary goramak, çagalaryň hukuklary we azatlyklary baradaky meseleler esasy orun tutýar. Ol halkara hukuk resminamalarynyň iň esasylarynyň biri-de, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýadyr. Türkmenistan bu Konwensiýany 1994-nji ýylyň sentýabr aýynda tassyklap, oňa gatnaşyjy döwlet hökmünde goşuldy. Bu Konwensiýa çagalaryň hukuklaryna degişli kanun taýdan berkidilen ilkinji Konwensiýa bolup, dünýäniň ähli çagalarynyň adam hukuklarynyň esaslaryny öz içine jemleýär. Bu konwensiýanyň kabul edilen güni bilen Bütindünýä çaga gününiň bellenilmegi bu günki günüň ähmiýetini has-da artdyrýar.
2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda Bütindünýä Çagalar güni we Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň kabul edilmegi mynasybetli sanly wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Bu maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar-beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda degişli wekiller çaganyň hukuklary bilen baglanyşykly hem-de 2020-nji ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyny, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň çäginde ýerine ýetiren işleri barada hasabat bilen çykyş edip, 2021-2025-nji ýyllar üçin her bir çaganyň bähbidi üçin täze hyzmatdaşlyk baradaky maksatnamanyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.
Degişli habar