BIZNES

Bütindünýä bankynyň Özbegistandaky taslamalar bukjasy 14 milliard dollardan geçdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Namanganda Bütindünýӓ bankynyň global direktory Luis Felipe Lopes-Kalwo bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar bankyň ýurduň çägindäki taslamalar bukjasynyň 14 milliard dollardan hem geçendigini bellediler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy maglumat berdi.

Taraplar garyplyga garşy göreşmek, Durnukly Ösüşiň birinji Maksady çäklerinde mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini aýratyn nygtadylar.

Bütinbünýä bankynyň goldawy bilen Özbegistanda garyplygyň derejesini anyklamak boýunça usulyýet işlenilip düzüldi. Häzirki wagtda garyplyk we deňlik görkezijileriniň seljermesi bilelikde alnyp barylýar.

Şeýle hem “Garyplykdan abadançylyga” atly maksatnamanyň taslamalary maslahatlaşyldy. Olar zenanlar we ýaşlar üçin iş ýerleriniň döredilmegini, durmuş infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagyny, syýahatyň we hususy pudagyň taslamalarynyň ösdürilmegini öz içine alýar. Orta möhletleýin ösüş maksatnamalaryna we ilat ýazuwyna taýýarlyga aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy