JEMGYÝET

Burger şekilli pahlawa

Pahlawa (baklawa) diýlende, ilkinji göz öňümize Türkiýe Respublikasy gelýär. Bu ýurduň köp ýerinde bu görnüşdäki süýjüligiň dürli görnüşleri taýýarlanýar. Olaryň sada, içiň maňyzly we beýleki görnüşleri ýerli we daşary ýurtly, galyberse-de türkmenistanlylaryň hem söýgüli tagamyna öwrüldi.

Türkiýede bu meşhur süýjüligi taýýarlaýan “Güllüogly” kompaniýasy pahlawany üýtgeşik görnüşde taýýarlady.

Ol burger, ýagny gamburger (etli tiz tagamy) görnüşinde taýýarlanyp, halk köpçüligine ýetirildi. Gamburger şekilli bu süýjüligi dadyp görenler onuň lezzetine hem-de üýtgeşik görnüşine haýran galdylar.

“CNN Türk” teleýaýlymynyň habaryna görä, türk aşhanasynyň ýüz öwrüp bolmajak süýjüligi bolan 40 gatly baklawany aşpezler burger şeklinde taýýarlady. Edil ozalkysy ýaly, 40 gat we arasynda pissedir maňyz ýa-da hoz goşulyp hödürlendi.

Esasy üýtgeşik tapawudy bolsa, onuň şeklinde we arasyndaky gaýmagyndadyr. Suratda görkezilişi ýaly, alyjynyň islegine görä, arasyna gaýmak ýa-da buzgaýmakly hem edýärler. Şeýlelikde, burger baklawasynyň at-owazasy has-da artyp başlady.

 

Bulary hem okap bilersiňiz!

Ertirlik üçin byzmyk

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

Lawaşdan türk böregi

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri