BIZNES

“Burberry” markasynyň taryhy

Özüne mahsus matasy bilen dünýä meşhur “Burberry” markasyny döreden Thomas Burberry 1835-nji ýylda dünýä inýär.

Thomas Burberry 21 ýaşynda, 1856-njy ýylda  Angliýada kompaniýanyň eýesi bolýar. Birnäçe wagtdan soňra egin-eşik tikmek pikirine düşüp, bu pikirini ýola goýmak üçin dürli-dürli matalary ulanyp görýär, emma hiç biri göwnünden turmaýar. Ol ahyry öz matasyny özi döretmeli diýip karara gelýär we  az wagtdan soňra 1881-nji ýylda gabardin matasyny öndürip başlaýar. Suwa çydamly , howa geçirýän bu mata Burberrynyň durmuşyny üýtgedýär. Ol soňra markanyň logosyny hem döredýär.

1914-nji ýylda Angliýada uruşda ulanylýan paltolary dizaýn edýär, soňra ol çyzgy bütin Angliýada moda bolýar.

Thomas Burberry 1926-njy ýylda aradan çykýar. Ol öz öndüren matasy bilen egin-eşik taýýarlan iň iri kompaniýanyň eýesidir.

Häzirki wagtda Burberry merkez hökmünde Hong Kong we Hytaýy hasap etse-de, onuň esasy merkezi  Angliýada ilkinji hekaýasynyň  dörän ýerinde dur.

Halkara Yslam Korporasiýasyndan maýa goýumlar çekiler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler