JEMGYÝET

Burak Özçiwit we sungat ussatlary Türkmen döwlet medeniýet institutyna bardylar

«Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyna gatnaşmak üçin gelen  Burak Özçiwit, Mehmet Bozdag we fransuz aktýor Eduar Montut Türkmen döwlet medeniýet institutyna bardylar. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda meşhur aktýorlar bilen talyplaryň duşuşygy geçirildi. Bu ýerde daşary ýurtly aktýorlar we kino bilermenleri ussatlyk sapaklaryny berdiler.

Şeýle hem sungat ussatlary taryhy kinolaryň surata düşüriliş döwründäki tejribelerini paýlaşdylar. Ussatlyk sapagynda kinolaryň surata düşürilýän pursatlarynda nähili kynçylyklary başdan geçirýändiklerini aýdyp berdiler.

Şeýle hem aktýolar kynçylyklara garamazdan, geljekki aktýorlara özleriniň möhüm maslahatlaryny berdiler. Okamak hem-de öwrenmek bilen ähli zatlary ýeňip geçip boljakdyklaryny aýtdylar.

 

 

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy