JEMGYÝET

Burak Özçiwit rus filminde surata düşdi

Türkiýäniň meşhur aktýorlaryndan Burak Özçiwit Tatarystan Respublikasyna bardy we şol ýerde “Ýolka 11” filminde surata düşmek işine gatnaşdy.

Režissýor Aleksandr Karpilowskiniň surata düşrilýän filmi meşhur “Zoluşka” filmi esasynda goýulýar. Onuň esasy gahrymanlarynyň biri hem türk aktýory bolup durýar. Türk aktýory Täze ýyl komediýa žnaryndaky filmde oýnap, kino tomaşaçylarynyň göwnünden turmaga çalşyýar.

Şu ýylyň 19-njy dekabrynda görkeziljek filmde Burak Özçiwit bilen bir hatarda meşhur rus sungat işgärleri Ruzil Minnekaýew, Kristina Babuşkina, şeýle hem ýaş aktrisa Mariýa Raskina çykyş eder.

– Bu Zoluşkanyň durmuşy bilen baglydyr. Onuň arzuwy şazada Burak Özçiwiti görmekden ybaratdyr. Mundan soňra nähili bolar, ony çeper filmde görersiňiz – diýip, çeper filmiň režissýory Aleksandr Karpilowsk belledi.

Ýagny, bu filmde Burak Özçiwit öz-özüni oýnaýar. Ýagny, Zoluşka atly gyzyň şazadasy Buragyň keşbini janlandyrar.

“Ýolka” atly filmiň 11-nji bölegi surata düşürildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyñ Milli Lideriniň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri